JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

27-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek yzygiderli syýasy geňeşmeler geçirmek meýilnamasynyň çäginde Daşkentde iş saparynda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy  Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tüýs ýürekden salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetlilik we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek bilen baglanyşykly häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylda 1,1 milliard dollardan geçen söwda dolanyşygynyň çalt depginde ösmegi kanagatlanma bilen bellendi. Şawat-Daşoguz serhet söwda zolagy bilelikde döredilýär. Senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk dowam edýär. Sebitara aragatnaşyklar hem-de medeni we ynsanperwer alyş-çalyşlar barha giňeýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan Özbegistanyň Liderine Daşkent şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň özbek diline neşir edilen “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirildi.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze giňişleýin gün tertibiniň döredilmegine, ýakyn wagtda boljak ýokary derejeli saparlara taýýarlygyň, sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw maslahatynyň we “Merkezi Aziýa+” görnüşindäki sammitlere aýratyn üns berildi.

Halkara syýasat meseleleri boýunça pikir alyşmak hem geçirildi.

Ýene-de okaň

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar

Türkiýäniň Prezidenti Aşgabatdaky halkara foruma çagyryldy

“Türkmengaz”-“QazaqGaz”: tebigy gazy import etmek we bilelikdäki taslamalar maslahatlaşyldy

Özbegistanyň Prezidentinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Türkmenistan Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar