Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 4-5-nji awgustda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Özbegistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar.
Bu halkara forum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilip, oňa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, daşary ýurtlaryň we hökümetleriň baştutanlary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.
Maslahatyň gün tertibine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag aragatnaşygyny pugtalandyrmak we söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, ykdysady transformasiýa, howanyň üýtgemegine we daşky gurşawyň çylşyrymly meselelerine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmekde gazanlan üstünlikler ýaly möhüm meseleler girizildi.
Forumyň jemleri boýunça Awaza Hereketleriň maksatnamasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň çäklerinde Özbegistanyň Lideri, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 7-nji Konsultatiw duşuşygynyň taýýarlyk meseleleri boýunça çärä-de gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer.
Şeýle hem ozal habar berşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.