JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherine geldi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky doganlyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nobatdaky subutnamasy hökmünde, 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenbaşy şäherine geldi.

Belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Özbegistanyň Lideri iki doganlyk halkyň arasyndaky mizemez dostluga mahsus bolan aýratyn mähirlilik we dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmagy, bu forumyň abraýyny has-da artdyrýar. Bu sapar diňe bir köptaraplaýyn başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin däl, eýsem iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri