JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa şu gün paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Şol ýerde agzaçar sadakasy berildi.

Iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenlerinden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar.

Döwlet Baştutanlary kümmetden çykyp, metjide tarap ugradylar. Bu ýerde Mekgä haj parzyny amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň Prezidentine sowgat berlen teperrik hem-de musulman dünýäsiniň mukaddes şäherinden ýadygärlik hökmünde türkmen Liderine iberilen, Käbäniň keramatly ýazgysy beýan edilen örtük goýlupdyr. Şol ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri Gurhandan aýat okaýarlar hem-de mukaddes Oraza aýynda berlen sadakanyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edýärler.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew agzaçar sadakasynyň geçiriljek ýerine gelýärler we özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturýarlar.

Agzaçar sadakasy başlamazdan ozal döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Milli Liderimiz sadaka gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýen parasatly sözlerini getirdi. Şol nukdaýnazardan, şu gün şeýle uly hormat goýup, kakamy — kyblamy ýatlap, ählimiz bir supranyň başyna jemlendik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Halkymyz “Agzybire Taňry biýr” diýipdir. Şonuň üçinem mähriban kyblamyň ýedisi geçenden soň, birinji anna agşamynda agzybirlikde bir supranyň başyna jemlendik. Ata-babalarymyz ýas bilen toý bile geler diýipdirler. Goňşularymyz, dostlarymyz, doganlarymyz begenen ýerimizde bile begenýärler, gynanan ýerimizde biziň bilen bile gynanýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Mälikguly aganyň aradan çykmagy zerarly bildirilen köp sanly duýgudaşlyk sözleri üçin taňryýalkasyn aýdyp, Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasyna Özbegistandan gelen myhmanlaryňam gatnaşýandygyny belledi. Halkymyz Özbegistan, özbek halky bilen asyrlar bäri dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýär. Ata-babalarymyz: “Kyýamat güni goňşudan” diýipdir.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan Prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de özbek halkyna çuňňur hormatyny beýan etdi we şu çärä gatnaşýandyklary üçin taňryýalkasyn aýtdy.

Soňra Özbegistanyň Lideri hormatly Prezidentimize, milli Liderimiziň ýakynlaryna, dostlukly türkmen halkyna uly ýitgi — döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly tüýs ýürekden gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, öz ömrüni jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga, mugallymçylyk işine bagyş eden Mälikguly aganyň ýagty ýadygärligi türkmen halkynyň hakydasynda müdimilik galar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşine gynanjyny paýlaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň müftüsine tebärek çykyp bermegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykýar. Şondan soňra agzaçar sadakasyna gatnaşýanlara nahar çekilýär. Nahardan soň Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat-töwir edýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşýandygy üçin ýygnananlara ýüzlenip: “Oraza aýynda okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Merhumyň jaýy jennet bolsun!” diýip, sadaka gatnaşýanlara aýtdy.

Çärä gatnaşan Türkmenistanyň we Özbegistanyň hormatly ýaşululary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren agzaçar sadakasynyň we okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny, merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdiler.

Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline barýar. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we onuň bilen hoşlaşdy.

 

Wise-premýer S.Berdimuhamedow Tatarystanda iş saparynda bolýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady