DÜNÝÄ

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Üç döwletiň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşantlary üçin bu abraýly sylag bilen sylaglandy. Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäherindäki N.A. Rimskiý-Korsakow adyndaky Döwlet konserwatoriýasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona Lew Tolstoý adyndaky Halkara parahatçylyk baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Bu ýokary sylagy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda halkara baýragyň eminler toparynyň başlygy, Mariinskiý teatrynyň çeper ýolbaşçysy we baş direktory, Russiýanyň Bolşoy teatrynyň baş direktory, dirižýor Waleriý Gergiýew gowşurdy.

Üç döwletiň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin bu abraýly sylag bilen sylaglandy.

Eminler toparynyň kararynda bellenilişine görä, 2025-nji ýylyň 31-nji martynda Hujant şäherinde üç döwletiň Baştutanlary döwlet serhetleriniň çatrygy hakynda Şertnama we baky dostluk baradaky Hujant Jarnamasyny gol çekip, halkara hukugynyň üstünligine esaslanýan umumy we deň howpsuzlygy üpjün etmäge, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy berkitmäge uly goşant goşdular.

Bellenilip geçilişine görä, berlen baýrak ynsanperwerlik ideallaryna ygrarlylygy alamatlandyrýar we Merkezi Aziýany parahatçylyk, abadançylyk we döredijilik giňişligi hökmünde kemala getirmäge goşulan umumy goşantyň ykrar edilmegi hökmünde kabul edilýär. Şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypanyň açylmagynyň üç ýurduň halklarynyň ynama we hoşniýetli goňşuçylyga bolan isleginiň hem-de syýasy erkiniň netijesinde mümkin bolandygy nygtalýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy