JEMGYÝET

Özbegistanda «Hakyda göwheri» kitabynyň özbek dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Abdulaziz Kamilow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň, Ýazyjylar birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň, ministrlikleriniň ýolbaşçylary, senatorlar we deputatlar, metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de türkmen diasporasynyň we özbek KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşlarynda çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilýändiginiň, iki halkyň dostlugynyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem 2025-nji ýyl – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň bu eseriniň türkmen halkynyň däp-dessurlaryny öwrenýän giň ylmy jemgyýetçilik üçin özboluşly sowgat bolandygy aýratyn bellenildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri