BIZNES

Özbegistan Ýewropa elektrik energiýasy satmak isleýär

Özbegistan 2030-njy ýyldan başlap, öndürýän elektrik energiýasynyň artyp galan bölegini Ýewropa eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygynda belläp geçdi.

Özbek ministri bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin Gazagystan we Azerbaýjan bilen gol çekilen Hazar deňziniň düýbünden elektrik kabelini geçirmek baradaky taslamany iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmagyň möhüm bolup durýandygyny aýtdy.

Özbegistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň alynýan energiýanyň möçberini 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 4 gigawatta, 2030-njy ýylda bu görkezijini 20 gigawattdan gowrak derejä çykaryp, onuň 5 gigawattyny Ýewropa eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Özbek ministri eksportuň möçberiniň elektrik energiýasyny geçiriji ulgamynyň kuwwatyna hem-de Ýewropanyň sarp edijileriniň zerurlyklaryna bagly bolup durjakdygyny hem belläp geçdi.

Özbegistan elektrik energiýasyny ilki Gazagystana, Hazar deňziniň düýbünden elektrik kabeli bilen Azerbaýjana, soňra bolsa Gruziýa we Gara deňziň düýbünden geçýän kabel bilen Rumyniýa, Wengriýa we Bolgariýa ibermek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy