DÜNÝÄ

Özbegistan howa ýitgileri we zyýany boýunça halkara merkezi döretmegi teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisine (COP29) gatnaşdy. Bu halkara maslahatda çykyş eden Özbek Lideri häzirki döwürde howanyň üýtgemeginiň tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrülendigini belläp, garyplygy aradan aýyrmak, azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, suw we beýleki serişdelere üpjünçiligi amala aşyrmak ýaly işlere özüniň ýaramaz täsirini ýetirýändigini belledi.

Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň temperaturasynyň ösüşini 1.5-2 gradus derejesinde saklamak ugrunda tagalla edýändigini belläp,  bu maksatlara ýetmek üçin uglerod bitaraplygyny gazanmak, şeýle hem energiýanyň sarp edilişiniň 40 göterimine çenli möçberini ýaşyl energetikanyň hasabyna amala aşyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Özbegistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlary:

  • Howanyň ýitgileri we zyýany bahalandyrmak boýunça halkara merkezini döretmek.
  • Serhetüsti suw baýlyklarynyň hapalanmagynyň öňüni almak we biodürlüligi durnukly saklamak üçin bitewi çemeleşmeleri işläp düzmek.
  • BMG-nyň howandarlygynda derýalaryň ekoulgamlarynyň sagdynlygyny we daşky gurşaw howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky borçnamalar jarnamasyny düzmek.
  • Ösümlikleriň howanyň üýtgemegine garşylygyny ýokarlandyrmak üçin Genetiki çeşmeler sebit bankyny döretmek.
  • Özbegistanda gury ýer döwletleri üçin BMG innowasiýa agro-senagat merkezini döretmek
  • Dünýäniň howa paýtagtlary bileleşigini döretmek we onuň ilkinji forumyny Daşkentde geçirmek.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi