DÜNÝÄ

Özbegistan-BAE: wizasyz döwür başlandy

Birleşen Arap Emirlikleri Özbegistanyň raýatlary üçin 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyndan wizasyz düzgüni girizýär. Bu barada degişli ylalaşyk Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde gol çekildi. Özbegistan Respublikasynyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetleriniň arasynda giriş wizasyny ikitaraplaýyn ýatyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama gol çekildi.

Resminama laýyklykda, Özbegistanyň raýatlaryna 30 günden geçmezlik şerti bilen Birleşen Arap Emirliklerine baryp bilerler.

Ylalaşyk Özbegistanyň BAE-däki ilçisi Abdulaziz Akkulow bilen BAE-niň daşary işler ministriniň orunbasary Halid Abdulla Belhul arasynda gol çekildi.

Resminama 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda güýje girýär.

2023-nji ýylda Özbegistanyň raýatlarynyň 119,45 müňüsi BAE baryp gördüler. Olar wiza resmilaşdirmek üçin 9,2 million dollar sapr etdiler.

 

Related posts

Wolkan Bozkyryň Türkmenistana sapary

Ata Watan Eserleri

USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam edýär

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar