SIZDEN GELENLER

Özara hyzmatdaşlykda täze döwür

Türkmenistan dünýä we sebit döwletleri, şol sanda Hazarýaka döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär. Hazarýaka döwletleriniň, ýagny Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşmeginde bilelikdäki duşuşyklarda gol çekilen we soňra bu ýurtlaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan resminamalar berk binýat bolup durýar.

Garaşsyz Diýarymyz sebitde hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn mehanizmlerini döretmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Dürli ugurlar, şol sanda gojaman Hazar deňzi bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän anyk işlerdir başlangyçlar bu günki gün ýurdumyzy halkara forumlarydyr maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän, umumadamzat ykbalyna gönükdirilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan mekanyna öwürdi.

Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary häzirki wagtda ýokary derejede dowam etdirilip, hil taýdan anyk häsiýete eýe bolýar. Bu hakykaty “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 29-njy iýunynda paýtagt şäherimizde bäş doganlyk döwletleriň hormatly Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen altynjy Hazar sammiti ýene-de bir gezek subut etdi.

Hoşniýetlilik, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen Hazarýaka döwletleriniň altynjy sammiti Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny, syýasy, ykdysady, söwda, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklary öz içine aldy. Mälim bolşy ýaly,  Hazar deňzi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň merkezidir, goňşy halklar üçin bereket çeşmesidir.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz altynjy Hazar sammitinde eden taryhy çykyşynda: “Men Gündogar—Günbatar hem-de Demirgazyk—Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini “Mümkinçilikleriň deňzi” diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn” diýip belledi.

Hazarýaka döwletleriniň häzirki döwürde halkara ulag logistikasynda uly orun eýeleýändigi, bu döwletleriň deňiz portlarynyň yklymlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary amala aşyrmakda örän möhüm ornunyň barha artjakdygy, bu babatda tagallalaryň has-da artdyrylmalydygy döwlet baştutanlarynyň çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Garaşsyz Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň ählisi umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilýär. Bu ýörelge Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy sammitinde-de şeýle boldy.

Ol başlangyçlar sebit we sebitara derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Berdimuhammet Berdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Hal­ka­ra äh­mi­ýet­li üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi döredilýär

Ýene-de okaň

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany