SPORT

Oýunyň eminleri yglan edildi

Iňlis emini Entoni Teýlor 24-nji sentýabry, penşenbe güninde Wengriýanyň paýtagt şäheri Budapeştde geçiriljek “Bawariýa” bilen “Sewilýanyň” arasyndaky “UEFA Super kubogy” ugrundaky duşuşyga eminlik eder.

UEFA-nyň beren beýanyna görä, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Bawariýa” bilen Ýewropa ligasynyň çempiony “Sewilýanyň” arasyndaky finalda Teýloryň kömekçileri Gary Beswik we Adam Nunn bolar. Orel Grinfild hem oýunyň dördünji emini bolmak weizpesi ynanyldy.

Häzirki wagtda koronawirus epidemiýasy sebäpli belli bir oýunlar tomaşaçysyz geçirilýär. Emma muňa garamazdan “UEFA Super kubogy” ugrundaky duşuşyga stadiona ýüzde 30 göterim sygym bilen janköýerler tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylaryň ählisi agyz-burun örtüklerini ulanmak, jemgyýetçilik aralygy saklamak ýaly käbir düzgünleri doly we gyşarnyksyz berjaý etmekde borçlanar.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

 

 

Ýene-de okaň

Garet Beýl “Kardiff Siti” futbol toparyny satyn almak isleýär

Ata Watan Eserleri

Halkara Olimpiýa komitetiniň täze ýolbaşçysy wezipesine girişdi

“Oklahoma” taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy

Iňlis futbolynyň iň gymmat transferi: Wirs “Liwerpula” geçdi

Gökderede ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi

Halkara küşt ýaryşy: Türkmenistan 19 medal bilen birinji boldy