Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin esasy platformlaryň birine öwrülip barýan “Makul Sözlügiň” ýene bir aýratynlygyny Size ýetirmek isleýäris. “Makul Sözlük” çagalar üçin täze bölümi-“Oýunly Sözlügi” taýýarlady.
Ýadyňyzda bolsa ýaňy-ýakynda “Suratly sözlük” bölümini Size ýetiripdik. Şonda 375 sany Türkmen we Iňlis dilindäki söz-Suratly we sesli görnüşde, şeýle hem ýazmaça görnüşde saýta ýerleşdirilipdi.
Mähriban Çagalar! Siz indi saýlanan 375 sözi has gyzykly öwrenip bilersiňiz!
Bu bölümde, bir topara degişli suratlar, iki-ikiden gelýär. Mysal üçin, Camel sözi sesli we ýazmaça görnüşde berilýär we bu söz bilen bilelikde, Atyň we Düýäniň suratlary berilýär. Çagalar bolsa, Camel sözüniň Atmy ýa-da Düýäniň Iňlis dilindäki terjimesi bolup durýandygyny biljek bolmaly! Eger çagalar, Camel sözi berilýän wagty, Atyň suratyna saýlasa, onda, jogap ýalňyş manysyna gelýän ( X) ekrana geler, eger ulanyjy Düýäni saýlasa onda, jogap dogry manysyna gelýän şekil ekrana geler!
Şeýlelikde, çagalar “Suratly Sözlük” bölüminde öwrenen 375 esasy sözi “Oýunly Sözlük” bölüminiň üsti bilen has gyzykly özleşdirip bilerler!
Hormatly okyjylarymyz!
Intellektual Sahypamyz boýunça Bölümler aşakda berilýär we Siz gyzyklanýan bölümiňiz üçin şol bölümiň üstüne basyň!
- Atavatan Krossword
- Makul Puzzle
- Makul Sözlem
- Makul Krossword
- Sözlemli oýun
- Suratly Sözlük
- Oýunly Sözlük
- Makul Goşundy
“Makul Sözlügiň” käbir aýratynlyklary:
- Jemi 15 müňden gowrak Iňlis we Türkmen dilinde söz bar.
- Ähli sözler sesli görnüşde hem berilýär.
- Sözleri sesli “gözleg” mümkinçilikleri
- Her gün täzelenýän Makul Krossword bilen Iňlis diliňizi has baýlaşdyryň!
- Makul Puzzle Size gyzykly wagt geçirmek üçin goşmaça bölüm!
- Jemi 700 sözlemi sesli we ýazmaça öwreniň, durmuşda iň köp ulanylýan sözlemler bilen Iňlis dilini öwreniň!
- Makul sözlem bölümi jemi 4300 sözden ybarat bolup, Iňlis dilini orta derejede öwrenmek üçin bu bölüm Size ýeterlik bolar!
- Makul Sözlem bölümini oýunly sözlem bölümi bilen bilelikde özleşdiriň we Iňlis dilinde sözlem düzmegiň aýratynlyklaryny öwreniň!
- Çagalar üçin saýlanan 375 söz, suratly görnüşde berilýär we çagalara
- Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, Makul Sözlük size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer