“Öýde ýeke özi” filminiň gahrymany Makoleý Kalkin Golliwudyň meşhur “Şöhrat” seýilgähinde öz ýyldyzyna eýe boldy. Bu möhüm gününde oňa “Öýde ýeke özi” filminde ejesiniň keşbini janlandyran aktrisa Ketrin О’Hara hem ýoldaşlyk etdi.
Makoleý Kalkin 1990-njy ýyllarda surata düşürilen “Öýde ýeke özi” filminiň gahrymany Kewiniň keşbini janlandyran aktýordyr. Ol Golliwudyň “Şöhrat” seýilgähinde öz ýyldyzyna eýe boldy.
– Kalkin soňky birnäçe onýyllygyň ökde sungat işgärleriniň biridir – diýlip, “Şöhrat” seýilgähiniň saýlama komiteti mälim etdi.
Kalkini ilkinji gutlanlaryň biri meşhur filmde ejesiniň keşbinde oýnan aktrisa Ketrin О’Hara boldy.
43 ýaşyndak Kalkin häzirki wagtda 2 çaganyň atasy. Dabara onuň aýaly Brenda Song we ogullary hem gatnaşdy.
“Öýde ýeke özi” filmi surata düşürilen Kalkin 10 ýaşyndady. Kalkin Golliwudyň meşhur seýilgähinde öz ýyldyzyna eýe bolan 2765-nji adam boldy.
1980-nji ýylda dünýä inen Kalkin, “Öýde ýeke özi”, “Öýde ýeke özi 2” filmleri bilen meşhurlyk gazandy. Hollywood-yň iň meşhur çaga aktýorlarynyň biri bolan Kalkin “Meniň gyzym” (My Girl), “Gowy ogul” (The Good Son), “Atasy bilen bilelikde” (Getting Even With Dad) we “Riçi Riç” (Richie Rich) ýaly filmlerde surata düşüpdi.