SIZDEN GELENLER

Oýalykda düýş görüp gördüňizmi?!

“Öz-özüň bilen gürrüňdeş bolmak…”

Lussiý Anneý Senekanyň “Lussiliýa ahlak hatlary” atly kitabyny gör indi näçe gezek okaýandyryn. Her gezegem özüm üçin täzelik açýan. Umuman okalan eserleriň täsirinden, her ýaşalan sagat saýy köpelýän durmuş tejribesinden adamlara aýdasyň gelýän zatlaryň köpleýändigini duýýaň. Ýöne… adamlara aýdasyň gelýän zatlardan hem öz-özüňe gürrüň beresiň gelbýän, öz-özüň bilen pikir alyşasyň gelýän zatlaryň has hem köpelýändigine akyl ýetirýäň.

Durmuş bir täsin eser ýaly bir zat. Emma munuň kitaplardan tapawutly ýeri geçen sahypany gaýtadan okap bolanok. Durmuş atly eserde senden ozalky ýaşap geçenleriň, ýada seniň döwürdeşleriň tejribesinden sapak almak iň esasy kanundyr. Çünki bu eser harplardan dälde, syrlardan ýazylandyr. Şol syrly maglumatlary okamakda bolsa ilkinji zerurlyk sabyrdyr.

Käteler, awtobusda, ulagda barýarkam, ýa-da ýöne duralgada duran wagtymam käbir zatlary edil düýş ýaly göz öňümden geçirip görýän. Bu pursatlara bir söz bilen hyýal diýilýär. Hyýalymda köplenç bolsady ekmegi gowy görýän… Arzuw bilen hyýalyň tapawudy barada pikir edip gördüňizmi?! Men, hawa! Arzuw bu geljek bilen zatlar, bolaýjak, mümkin zatlar bilen baglanşykly, hyýal bolsa, bolmajak zatlary hem özüne birikdirip bilýär. Mysal üçin men dünýeden ötenine tas on bäş ýyl bolan ejem bilen galy oýlarymy hyýalda gulaçlaýan. Eger-de ejemjan şu gün meniň haýsy menzile ýetenligimi gören bolsa näderdi diýen pikirlerim meni hyýallara atarýar. Arzuw etmägede mümkinçilik bermeýän bu oý-hyýallar soňlugy bilen goşgulara öwrülýär.

Arzuwlar bolsa… olar, umytlaryň bilen birleşip ýaşaýyşa höwes döredýär. Özüň hemişe, her ýerde şol barada pikirlenip ýören adamyň sen barada iň bolmanda gije-gündiziň dowamynda ýekeje gezek ýatlaýanyny, arzuw edýänini göz öňüne getireniňde-de hoş bolýaň. Adam, onda-da aýal adam özüne ynamly bolmagy, özüni söýmegi üçin hemişe söýülmäge mätäç bolýar. Emma bu hemme kişä ýetdirýän bagt däl. Şonuň üçin hem adama öz-özi bilen gürleşmek, pikir alyşmak juda wajypdyr. Hiç kim saňa senden gowy düşünip bilmeýär. Özüňe düşünmek, özüň bilen ylalaşyga gelip ýaşamak bolsa adamy bagta ýetirýär. Haçan bolsun, nirede bolsun, nä wagt bolsun özüňi erkana, birine garaşsyz ýagdaýda duýmaklyk zerurdyr. Diňe şonda üstünlige tarap ädim ädip bolýar.

Özüň kimligiňe, durmuşdaky ornuňa düşünjek bolmak, ömrüňi manyly ötürmäge kömek edýär. Bu barada bolsa ýazylan eserleri okamak, olardan degerli netijäni çykarmak we durmuş ýüzünde ulanmak juda peýdalydyr. Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysy” atly eserinde: “…Aslynda, adamlar barada gowy pikirde, gowy niýetde bolmak, gör, nähili ajaýyp! Men muny maksada ýetmegiň bir ýoly hasaplaýaryn.” Diýip belleýär. Pikiriň durmuşa geçýänligini bolsa ata-babalarymyzyň: “Ýagşy niýet, ýarym döwlet”, “Niýetiň ýoldaşyň” ýaly dür-däneleri bilen hem aňlatsa bolar. Diýmek adam ýagşy oýlary küýünde göterse, ykbalyndan ýagty günlere garaşyp biler. Iň bir kynçylykly, çylşyrymly, göräýmäge gap-garaňky günlerde-de niýetiňi kirlemekden goramaly. Päk niýetli adamlaryň ýüzi nurly bolýar. Ýüregiňi gatatjak, pikiriňi garaltjak oýlardan daşda durmaga synanyş. Adamda mümkinçilik däl-de, ömür ýekeje gezek bolýar! Dünýäni üýtgedip bilmeseňem, dünýäňi üýtgedip bolýandygyny unutma! Gürleş özüň-özüň bilen, pikir alyş, döret, oka, öwren. Dünýe bir gezek gelinýän juda ajaýyp we mümkinçiliklerden dos-doly az wagtlyk synagly ýerdir. Päl diýen zat juda yrga zat. Pälimizi ýagşylykdan sowmasyn!

Eý adamzat, päliň yrga,
Göreşmeli ýerdir dünýe.
Gowuşýança niýet ýerne,
Garaşmaly ýerdir dünýe!

Her pynhan syr bolar aýan,
Arkasynda dag bor gaýaň,
Parhy ýok erkekmi, aýal,
Söweşmeli ýerdir dünýe!

Ot bolmasa tüsse bolmaz,
Bir şatlyksyz gussa bolmaz,
Kowup-kowup ýetse bolmaz,
Gowuşmaly ýerdir dünýe!

Bolmaly şükürden üzňe,
Pes kişiň halyna gülme,
Toýy, ýasy şol bir günde,
Sowuşmaly ýerdir dünýe!

Söz ajysy tyg ýürege,
Şöhrata ýeňse direme,
Bäş gün myhman bir-birege,
Boluşmaly ýerdir dünýe!

Kümsüklik ýaraşmaz merde,
Ejizi goýmagyl derde,
Kim bilýär, ne halda, nirde,
Görüşmeli ýerdir dünýe!

Gülşirin HANOWA.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Russiýa güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Bitaraplyk – milli gymmatlygymyz

Sagdyn jemgyýetde bagtyýar nesiller

Bilim ulgamyndaky okatmagyň kämil usullary

Bilim özgertmeleri we amaly matematika

Ata Watan Eserleri

Ynsan saglygy – uly baýlyk

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary