BIZNES

Owganystandan Türkmenistana mermer eksport etmek mümkinçiligine garaldy

Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki konsullyk gullugynyň wekilleri Hyrat şäheriniň ýerli häkimiýetiniň wekilleri bilen duşuşyp, Owganystandan Türkmenistana mermer ibermegiň möçberini artdyrmak babatda pikir alyşdylar.

Owganystanyň “Bakhtar” habarlar gullugynyň habar bermegine görä,  Hyradyň gubernatory Nur Ahmed Islam Jar welaýatyň senagat mümkinçiliginiň uludygyny belläp, ýerli telekeçileriň Türkmenistan bilen has ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hyradyň Senagatçylar birliginiň agzalary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň agzalaryna özünde öndürilýän mermeriň hiliniň ýokarydygyny belläp, hususan-da Çişt-Şarif sebitinde çykarylýan mermeriň hiline ýokary baha berdiler we Türkmenistanyň ýerli çig maly satyn almagyň möçberini artdyrmak babatdaky gyzyklanmasyna aýratyn ähmiýet berdiler.

Konsullyk gullugynyň wekilleri öz gezeginde Hyradyň işewürlik düzüminiň wekilleri bilen duşuşygynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini mälim etdi.

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler