DÜNÝÄ

Owganystan boýunça ministrleriň duşuşygy

Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy.

Geňeşmelere şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we tutuş sebitdäki häzirki ýagdaýlar bilen bagly bolan garaýyşlaryny beýan etdi.

Türkmen tarapynyň çykyşynda: “Bu duşuşyk Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi hem-de bu ýurduň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda sebitleýin utgaşykly çemeleşmäniň işlenilipm düzülmegi ugrundaky mümkinçilik hökmünde kabul edilýär” diýip bellenildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

 

GuÅŸak barada…

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri