SPORT

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

ABŞ-nyň “Waşington” toparynyň rus hüjümçisi Aleksandr Oweçkin, Milli hokkeý ligasynda (NHL) pleý-off oýunlaryny hasaba alanyňda 1 000 şaýba geçiren ikinji oýunçy boldy.

Oweçkin bu sepgide “Kolorado” toparyna garşy geçirilen duşuşygynda ýetdi. Indi onuň hasabynda yzygiderli çempionatlarda 923 gol we pleý-offda 77 gol bar. Pleý-off oýunlaryny hasaba alanyňda NHL-iň rekordy kanadaly hüjümçi Ueýn Gretska (1 016) degişlidir; ol yzygiderli çempionatlarda 894 gezek, Stenli kubogynyň oýunlarynda bolsa 122 gezek tapawutlandy. Rus hokkeýçisi yzygiderli çempionatlaryň taryhynda iň gowy hüjümçi bolup durýar, kanadaly bolsa NHL-iň pleý-off oýunlarynda öňdedir.

Russiýanyň ýygyndysynyň düzüminde 40 ýaşyndaky Oweçkin üç gezek dünýä çempiony (2008, 2012, 2014) boldy. Şeýle hem hüjümçiniň dünýä birinjiliklerinde iki kümüş (2010, 2015) we dört bürünç (2005, 2007, 2016, 2019) baýragy bar. Oweçkin üç gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy — 2006-njy ýylda topary bilen üçünji orun ugrundaky oýunda çehlerden utuldy, 2010 we 2014-nji ýyllarda bolsa Russiýanyň ýygyndysy ýaryşy çärýek finalda tamamlady.

Gretski 65 ýaşynda. Ol NHL-iň yzygiderli çempionatlarynyň iň gowy hüjümçisi(2 857 utuk) we go pasyny berijisi (1 963 pas) bolup durýar. Kanadaly dört gezek Stenli kubogynyň eýesi (1984, 1985, 1987, 1988), ol 10 gezek yzygiderli çempionatyň iň gowy hüjümçisi boldy we 9 gezek möwsümiň iň gymmatly oýunçysy diýlip ykrar edildi. Şeýle hem Stenli kubogynda utuklar (382) we netijeli paslar (260) boýunça rekordlar oňa degişlidir.

Ýene-de okaň

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler