MEDENIÝET

“Owaz”- durşy bilen aýdym-saz    

2007-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen “Owaz” aýdym-saz radioýaýlymy açyldy. Bu ýaýlym 24 sagat halka hyzmat edip, aýdym-sazlar bilen birlikde ýurdumyzyň durmuşyndan söz açýan täzelikleri 3 dilde-türkmen, rus, iňlis dillerinde taýýarlap halka ýetirýär.

Türkmeniň aýdym-saz sungaty aňyrsy bärsi görünmeýän umman ýaly. Onuň içine näçe aralaşdygyňça täsin ruhy dünýäniň, gözelligiň, gudratyň şaýady bolýarsyň. Şol ruhy gymmatlyklary halka ýetirmek üçin gije-gündiz zähmet çekýän “Owaz” radioýaýlymynda jemi 5 bölüm hereket edýär. “Habarlar we terjime”, “Aýdym-saz”, “Şowhun”, “Köne güzer”, şeýle hem “Tolkuna goýberiş” bölümleri.

Her bölümde adyna laýyk gepleşikler we  konsertler taýýarlanylýar we her sagatda üç dilde habarlar eşitdirilýär. Halk bilen ýakyn aragatnaşykda bolýan dürli mazmunly gepleşikler 17 ýyl töweregi hereket edýän “Owaz” radioýaýlymynda eşitdirilip gelinýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda hereket edýän sanly ulgamdan bu ýaýlymyň hem çetde durmaýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ýagny ýaýlymda birnäçe gysga belgiler bolup, her  gepleşikde diýen ýaly ol gysga belgiler arkaly ildeşlerimiziň doglan günleri, aýdyma bolan islegleri, berilýän sowallaryň jogaplary kabul edilýär.

“Duýgular dünýäsi”, “Oýlanmalar ummany”, “Diňe söýgi hakynda”, “Gel, dutarym sözleşeli”, “Owazdan sowal”, “Muşdaklaryň bäslegi”, “Hoş owazly nagmalar”, “Ýaşlygymyň bahary” ýaly onlarça gepleşikdir konsertler halkyň köňül küýseglerinden orun aldy.

“Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da “Owaz” radioýaýlymy ýylyň şygary bilen bagly dürli gepleşijleri, söhbetdeşlikleri taýýarlap, halkyň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Bägül Kakalyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

2025-nji ýylyň Buker baýragyny wenger-britaniýaly ýazyjy Dewid Soloý gazandy