TESWIRLER

Otdan Diri Sypan Towugyň Namasy

ýa-da “guş gribi” döwründe bütin  towuklaryň  adyndan Birleşen Haýwanlar Guramasynyň (BHG) “Haýwanlaryň hak-hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň başlygyna iberen arzyndan käbir parçalar

“Kim haýwan?! Aýdarmyň eý beýik Başlyk!

Diri köýdük: ne-hä kebap, ne-de bir çişlik!”

Ösen XXI-de ýokmuş guşşynas –

Olaň aňhanasy büs-bütin boşluk!

 

Hany, biriň guzlabil-dä ýumurtga?!

Çykaryň-da jüýje, ýasaň höwürtge?!

Kompýuter sizde, internet sizde –

Sylag alýan sylagsumak, eý pekge!

 

Ot ýakmasyn bilmän guýduň sen benzin,

Bizi oňa taşlap durduň günuzyn.

Hil iş bitiren dek agşamlyk gelip,

Rakydan keýp edip, tükgerdiň ýüzin!

 

Ýarymezan aýlanýan dek torbaly,

Eýelermiz ýerler depýär görgüli.

Gaçyp gördük sypalga ýok hiç ýerde,

Bary basjak ýeriň gapan gurguly.

 

Adam ýaly wagşy haýwanda-ha ýok,

Bag-bakja, miwe-de wagşy bolanok.

Dag,derýa,deňizem hemişe sapdyr –

Başga sözem şu wagt dile gelenok!

 

Size-de ýokaşýar käwagyt Grip,

Oda atdyňyzmy ony öldürip?

Bizem adyllyga başymyz egýäs,

Gezmäň ahyr üstüňizden güldürip!

 

Aslynda hemmämiz däldik “gripli”,

Gyrgyna bahana bolupdy düýpli,

Gaýgy edip ýördük “sowuk urşy” biz,

Ähdi ýalan “otparazlar” keýpli!

 

 

Haýwanhon Hudaýym, bize ber medet,

Köpräk eçilewer ynsana edep.

Ýogsa ýedi hazynaňy alta öwürjek –

Wagşylygyň kemin goýman biedep!

 

Başga ýurtda ýokdur beýle haýwanlyk,

Şoň üçin mesele çyndan “diwanlyk”,

Eziz başlyk, gyssagy-ha siz bilen,

Takyklar temasy bolsun birýanyk!

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady