SIZDEN GELENLER

Ösüş we parahatçylyk üçin halkara sport güni

Häzirki wagtda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde, adamlaryň  sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň barha giňelmegi ähli döwletleriň  syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki, sport – diňe bir  sagdyn durmuş ýörelgesi bolman, eýsem, sport älemindäki gazanylan üstünlikdir.

Taryhda sport adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeläpdir. Sport bilen meşgullanmaklyk dürli döwürlerde hem özüniň  ähmiýetini ýitirmän gelýär. Çünki, sport –ýurduň ösüşini  üpjün edýär, ol  ösüş bilen birlikde ynamly öňe gidýär. Sportuň  täze ugurlarynyň  peýda bolmagy, şahsy we toparlaýyn rekordlaryň sanynyň artmagyna, sport ýaryşlarynda täze ýeňijileriň  kemala gelmegine ýardam berýär.

2013-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy sportuň we bedenterbiýe işjeňliginiň bilime, adamyň ösüşine, sagdyn durmuş ýörelgesine  ýetirýän oňaýly täsirini nazara almak bilen,  6-njy apreli – “ Ösüş we Parahatçylyk üçin halkara sport güni” diýip yglan etdi.  Bu halkara gününi döredijileriň pikirine görä, sport parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi güýçlendirmekde möhüm gurallaryň biridigini   ýatlatmak üçin  şeýle hem, sport adamda anyk  häsiýeti terbiýelemekde   iň ajaýyp usuly  bolup durýandygyny görkezmäge gönükdirilendir. Şeýle halkara gününiň döredilmeginiň esasy maksady sportuň  her bir ynsanyň durmuşynda, döwletiň syýasatynda hem-de  halkara giňişliginde wajyp ornunyň bardygyna ünsi çekmekden ybaratdyr.

                                                           Serdar  GYLYÇDURDYÝEW,

  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara     

  hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.  

 

“Broadway” teatry täzeden açyldy

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika