SIZDEN GELENLER

Ösümlikleri goramagyň döwlet maksatnamasy

Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň häzirkizaman innowasion tehnologiýalary esasynda ösdürip ýetişdirmegi, geçirilýän agrotehniki işleri sanly ulgamda dolandyrmagy, ekinleriň zyýankeşlerine, kesellerine garşy göreş çäreleriniň geçirmegiň usullaryny, gowaçanyň, däneli ekinleriň, gök ekinleriň, miweli baglaryň, ösdürilip ýetişdirilmegi babatda giň tagallalar edilýär.

Ata Watanymyzda bu ugurda döwlet maksatnamalary kabul edilip, şonuň esasynda ösümlikleri goramak babatda degişli işler ýola goýulýar. Golaýda hormatly Prezidentimiz tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem “Ösümlikleri goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ösümlikleri zyýankeşlerden, kesellerden hem-de haşal otlardan goramak maksady bilen, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 —2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu döwlet maksatnamasy ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologiki ugurlaryny ösdürmäge, şeýle-de ösümlikleri goramak üçin niýetlenen serişdeleri barlagdan geçirmäge we bellige almaga gönükdirilendir.

Ylmy tejribe alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen okuw seminarlaryny geçirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.

Ogulşeker Annaorazowa,
S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Pisse agajynyň täsinligi

Ýene-de okaň

Biologiýa dersiniň ähmiýeti

Dil bilen dünýäni gezer

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz