TEHNOLOGIÝA

Ösümligi «tanaýan» programma

Del bir ösümlige gabat gelýäris-de, onuň adyny bilemzok. Bu — durmuşda bolýan ýagdaý. Android we IOS ulgamly mobil telefonlar üçin döredilen «PlantNet» atly programma indi bu kynçylygy aradan aýyrýar.

Aslynda, «Play Marketde» ýa-da «App Storyda» oba hojalygy bilen bilen bagly ýüzlerçe programma bar. «PlantNet» olaryň içinde iň köp ýüklenilýänleriniň biridir.

Ony ulanmak üçin ösümligi surata düşürmek ýeterlik. Programmasynyň ýörite surata düşüriji bölümi arkaly düşürilen surat barada az salymdan ekranda dessine maglumat peýda bolýar. Ilkinji gezek 2009-njy ýylda Fransiýanyň Oba hojalyk bilimleri we dowamly tehnologiýa guramasynyň programmaçylary tarapyndan döredilen bu programma yzygiderli täzelenmeler bilen häzir has kämilleşdirildi.

Programmanyň ösümligi «tanamagy» üçin suratyň ýokary hilli çekilen bolmagy hem esasy zerurlyklaryň biridir. Suratda ösümligiň haýsy hem bolsa bir aýratynlygynyň görkezilmegi onuň has çalt tanalmagyna we maglumatlaryň ekranda derhal peýda bolmagyna getirýär.

Yzygiderli kämilleşdirýän programma häzir dürli ösümlikleriň 6,5 müň görnüşini tanap bilýär.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

  

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi