MEDENIÝET

«Oskaryň» dalaşgärleri yglan edildi

Kino sungatynyň iň abraýly baýraklarynyň biri bolan «Oskara» 2021-nji ýyldaky dalaşgärler yglan edildi.

Deslapky maglumatlara görä, režissýor Hloýa Çžaonyň «Migrantlaryň ýeri», Florian Zelleriň «Ata», Dewid Finçeriň «Mank», Şaki Kingiň «Iuda we gara missiýasy», Li Aýzek Çunnyň «Minari», Emirald Fenneliň «Umyt berýän gyz», Darius Marderiň «Metal daşamak», aaron Sorkiniň «Çikago ýedigiliniň üstünden arz» filmleri «Iň gowy film» urgy boýunça dalaşgär görkezildi.

Iň gowy režissýorlyk işi üçin bolsa Hloýa Çžao, Emirald Fennel, Tomas Winterberg, Dewid Finçer we Li Aýzek Çun bäsleşer.

Iň gowy erkek keşbi üçin Entoni Hopkins («Ata»), Riz Ahmad («Metal daşamak»), Gari Oldman («Mank»), Stiwen Ýen («Minari») hem-de ýakynda aradan çykan Çedwik Bouzman («Ma Reýni: blýuzyň enesi») dalaşgär görkezildi.

Frensis Makdormand, Wanessa Kirbi, Keri Malligan, Wiola Dewis we Andra Deý iň gowy zenan aktrisa gowşuryljak baýraga dalaş ederler.

«Oskar» baýraklarynyň 93-nji gowşurylyşy 25-nji aprelde bolar.

 

Dünýäniň iň gymmat tölegli ýollary

 

 

 

Ýene-de okaň

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri