BIZNES

“Oracle”-yň esaslandyryjylarynyň biri ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamy boldy

Amerikanyň IT-kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Larri Ellison dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda milliarder Ilon Masky geçip, birinji orny eýeledi.

“Bloomberg” neşiriniň hasaplamalaryna görä, 10-njy sentýabrda ABŞ-da geçirilýän söwdalarda kompaniýanyň aksiýalarynyň çalt ösmegi netijesinde telekeçiniň baýlygy 101 milliard dollar artdy. Bu bolsa, bir günde iň uly kapital ösüşi hökmünde hasap edilýär.

Bu ýagdaý “Oracle” korporasiýasynyň çärýeklik hasabaty çap edilenden soň ýüze çykdy, ol çaklamalardan ýokary boldy. Netijede, amerikan IT-korporasiýasynyň aksiýalary 41% ýokarlandy.

Şeýle ýagdaýda, Ellisonyň baýlygy 393 milliard dollar bolup, ol “Oracle”-yň aksiýalarynyň 41%-ine eýelik edýär.

Mundan öň, dünýäniň iň baý adamlary ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň täze gümrük paçlaryny girizmek baradaky çykyşyndan soň, bir günde jemi 208 milliard dollar ýitirdiler.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy