SIZDEN GELENLER

Oňyn bitaraplyk ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň  Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän dünýä ýüzünde iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr.

Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýyrdumyzyň her günki ösüşleri dünýä ýüzünde nusga alarlykdyr.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň dogry ýoluny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Uly üstünlikler bilen ýatda galan 2020-nji ýylda Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi hem ýatdan çykmajak wakadyr. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitap dünýä halklarynyň baky Bitaraplyk derejämize goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, goňşy we alys döwletleri bilen ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, türkmen halkynyň köp müň ýyllyk taryhyny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly: «Bitaraplyk syýasatynyň mazmunyna, şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň lebzihalallyk, ynsaplylyk, dostluk, sahawatlylyk, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, goňşyçylyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri siňendir».

Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimize esaslanýan «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyran ýolumyz buýsançly baýlygymyz hökmünde içgin öwrenilýär we ösdürilýär, nesillerimizi milli watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk, açyklyk, islendik meseläni gepleşikler we düşünişmek arkaly, agzybirlikde çözmek hem-de birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemeklige, ýaşlarda merdana milletimiziň şöhratly däplerine, şanly taryhyna söýgi döretmeklige uly üns berilýär.  Şunuň bilen baglylykda hem baky Bitaraplyk syýasy ýörelgämiz parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny ileri tutmaga, sebitiň geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen ýurdumyz özüniň kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

“Baky Bitaraplyk syýasatymyz öz ýurdumyza, sebite we dünýä abadançylyk nuruny çaýmak bilen, biziň bütin bagtly durmuşymyzy berkitmegimiziň daýanjydyr” diýip ,Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär.  Dünýäde hoşniýetli dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, alyp barýan ynsanperwer syýasaty dowamat dowam bolsun!

 

Kadyr Akmämmedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky  
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Türkmenistan Astrahanda logistika merkezi açar

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika