Dünýäde parahatçylygyň hem-de sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrunda giň tagallalar edýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary Birleşen Milletler Guramasynda giň goldaw tapýar. Şonuň netijesinde, 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen goňşy ýurtlaryňdyr BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde, Baş Assambleýanyň çözgüdine laýyklykda, Bitarap döwletimiziň paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredildi.
Geçen döwürde sebit merkezi täze wehimlere jogap hökmünde çözgütleri işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde özüni tanatdy. Merkeziň işini hem-de başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi.
Golaýda ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Bu hoş habar hem Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen berk baglanyşyklydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň paýtagtyndkay bu möhüm edaranyň işine hem-de Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýastayna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Bu merkeze köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk eden hanym Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolup, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu başlangyjyň amala aşyrylmagy BMG we sebit bileleşigi, ozaly bilen, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan şeýle merkeziň zerurdygyna we maksadalaýykdygyna düşünilmegine ýardam berdi.
Türkmenistan bilen sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeleýär.
Öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm ugurlarynyň we aýrylmaz böleginiň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, has takygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirilýän ýurtlaryň, hyzmatdaşlaryň ählisi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda hem-de öňüni alyş diplomatiýasynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Selbiniýaz Goçmyradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
