Amerikan hünärmenleri erkek adamlaryň ömrüni uzaltmaga ýardam edýän otžimaniýanyň anyk sanyny anykladylar. Garward uniwersitetiniň hünärmenlerine bu maşk bilen erkek adamlaryň saglygynyň arasyndaky özara baglanyşygy ýüze çykarmak başartdy.
Fiziki maşklaryň saglyk üçin peýdasy hemmä belli bolan faktdyr. Muňa garamazdan, ABŞ-nyň alymlary eksperiment geçirdiler, bu bolsa zerur bolan hereketleriň anyk sany baradaky soraga jogap tapmaga mümkinçilik berdi. 10 ýyl töweregi geçirilen barlagyň dowamynda hünärmenler otžimaniýanyň ýürege oňaýly täsir edýändigini anykladylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýürek-damar keselleriniň güýçlenmek howpuny 96% pese düşürmek üçin erkek adamlara günde 40 gezek otžimaniýe etmek ýeterlik.
Statistik maglumatlarda bu maşgy 10 gezek gaýtalamadan köp ýerine ýetirip bilmeýän adamlaryň infarkta we insulta has köpräk sezewar bolýandygyny görkezýär.
Eger-de bu görkeziji 30-40-a çenli artdyrylsa, onda howply keselleriň güýçlenmek howpy hem 75% pese düşýär.
Ahyrynda alymlar otžimaniýanyň ýüregiň işleýşine oňaýly täsiriniň erkek adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmaga ýardam edýändigi baradaky netijä geldiler.
Aýmyrat Ahmedow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!