SPORT

Olimpiýa oýunlaryna 100 gün galdy

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlamagyna 100 gün galanda wagt yzyna sanalyp başlandy. Munuň bilen baglanyşykly dabara Tokio şäher häkimliginde geçirildi. Bu barada “TASS” habar gullugy habar berdi.

“Olimpiýa oýunlaryna başlanmagyna indi 100 gün galdy. Biz bu senä ýetendigimiz üçin örän begenýäris. Koronawirusa keseline garşy görülýän çäreler we lukmanlaryň tagallalary netijesinde biz muny başardyk. Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin elimizden gelenini ederis” diýip, Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike buýsanç bilen belleýär.

Baýramçylyk senesi mynasybetli Tokio şäher häkimloginiň binasynda 2,6 metr beýikliginde Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanyň şekilleri ýerleşdirildi. Birinji nyşanyň ady “Miraýtowa” diýip atlandyrylypdyr. Bu sözüň düşündirilişi, ýagny “Miraý” – geljek, “Towa” – bakylyk aňladýar.

Ikinji nyşany bolsa Nara prefekturasyndaky Someýosino sakura görnüşinde emele gelen “Someýti” diýip atlandyrypdyrlar. “Someýti” adyny iňlis dilinde terjime edeniňde “Öran güýçli” manysyny berýär.

“Olimpiýa oýunlaryna 100 gün galdy” atly çäre bilen birlikde Tokio şäheriniň etegindäki Takao dagynyň depesinde Olimpiýa oýunlarynyň nyşany – bäş halka ýerleşdirilipdir.

 

“Apple” we “Samsung” ýakynda täze önümlerini tanyşdyrar

 

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy