SPORT

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenlere sanjym ediler

Olimpiýa oýunlary aslynda 2020-nji ýylyň tomus aýlarynda geçirmelidi, ýöne pandemiýa sebäpli 2021-nji ýylyň tomus aýlaryna süýşürildi. Ýaponiýa iş saparyny amala aşyran Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy Tomas Bah, bu olimpiýa oýunlary hakda şeýle diýýär. Gurama – ähli oýunlarda çykyş etjek türgenlere, duşuşyklarda eminlik etjek tejribeli eminlere, oýunlardan öň pandemiýa garşy sanjym ediljekdigini we bu sanjymyň ähli çykdaýjylaryny öz üstüne aljakdygy barada belledi.

Olimpiýa guramanyň başlygy Tomas Bah: “ Ýapon halkyny goramak we Ýaponiýanyň halkyna hormat goýmak duýgusy sebäpli Halkara olimpiýa komiteti, oýunlara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň köpüsiniň bu ýere sanjym edilmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalary ederis. Indiki ýylda Olimpiýa stadionlarynda howpsuz gurşawda sportdan lezzet alyp biljek tomaşaçylary görmek isleýäris” diýip belleýär.

Tokio Olimpiýa oýunlarynda “Covid-19” wirusynyň ýaýramak howpynyň öňüni almak maksady bilen türgenleri şowhunly  goldamak gadagan edilip bilner. Ýaponiýanyň hökümeti Olimpiýa sport guramasy bilen geçen hepdede taýýarlyk işlerini geçirdiler, oňa gatnaşan 2.000 sany tomaşaçylara agyz-burun örtügini dakmak talaby we türgenleri şowhunly goldamagy gadagan etmek ýaly düzgünler ulanyldy.

Şeýle hem bu oýunlara gatnaşýan ähli türgenlere, eminlere, resmi adamlara we tomaşaçylara pandemiýa garşy synag geçirerler we agyz-burun örtügini dakmak talabyny berjaý etdirerler. Belli wagt aralygynda olar ellerini ýuwmak ýaly tämizlik işlerini geçirmeli bolarlar. Tomas Bah Tokioda amala aşyran iş saparynda, iki aý ozal saglyk ýagdaýy sebäpli işini tabşyran Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sinzo Abe, 2013-nji ýylda Tokioda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek hukugyny almaga kömek edenligi üçin Olimpiýa ordenini gowşurdy.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy