JEMGYÝET

Olimpiadanyň howasyna uýgunlaşmak üçin

Türkmenistanyň ýeňil atletika we dzýudo boýunça milli ýygyndylary Ýaponiýanyň Tendo şäherinde 10 günlük okuw türgenleşik ýygnanyşygynda bolýar. Bu ýygnanyşygyň esasy maksady Günüň dogýan ýurdunyň tebigy we howa şertlerine uýgunlaşmakdyr. Mälim bolşy ýaly, indiki ýyl Ýaponiýada Tomusky Olimpiýa oýunlary geçiriler.

Bu çäre şu gezekki Olimpiýa oýunlaryna has ýokary derejede taýýarlyk görýän we medal gazanmagy maksat edinýän türgenlerimiz üçin Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan gurnaldy. Çünki türgenleşmek bilen bir hatarda ýaryşyň geçiriljek ýurdunyň tebigy we howa şertlerine uýgunlaşmak hem türgen üçin esasy zerurlyklaryň biridir. Tendodaky türgenleşik merkezlerini ulanmak barada şäheriň meri bilen Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň arasynda ylalaşyga gelnipdi.

Türkmen ýeňil atletikaçylary üçin bu türgenleşikler şol bir wagtyň özünde şu ýylyň sentýabrynda Dohada (Katar) geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlygyň hem bir tapgyryna öwrüler. Ýaponiýadaky türgenleşikler 18-nji iýula çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri