JEMGYÝET

Oleg Kononenkonyň Türkmenistana gutlagy

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Gadyrly watandaşlar!

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahaty häzirki wagtda türkmen döwletliliginiň esasy daýanjy, Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň we ylalaşyklylygyň kepili, türkmen halkynyň ençeme asyrlyk däp-dessurlaryna, taryhy ýoluna ygrarlydygynyň nyşanydyr. Parahatçylyk söýüjilik, öňdengörüjilik, jogapkärçilik, ähli hereketleriň Watanyň bähbitleri bilen sazlaşmagy Halk Maslahatynyň işiniň tapawutly aýratynlyklary bolup durýar. Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şanly senä — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe sanlyja gün galdy. Meniň eziz Watanym Türkmenistanyň ýylsaýyn ajaýyp üstünlikleri gazanýandygyna, ykdysadyýetini berkidýändigine, ägirt uly durmuş ugurly maksatnamalary amala aşyrýandygyna, täze şäherleri gurýandygyna, ylmy, bilimi, sporty ösdürýändigine uly buýsanç bilen syn edýärin. Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde belent abraýdan we hormatdan peýdalanyp, öz möhüm halkara başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagyny gazanýar.

Türkmenistanyň kosmos pudagynda gazanýan üstünlikleri meniň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdy tehnologik taýdan ösen döwletleriň hataryna goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa meniň işim barada edýän yzygiderli aladalary, berýän ünsi, goldawy hem-de ýürekdeşligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Sizi Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, biziň Watanymyz mundan beýläk-de gülläp össün, asmany hemişe asuda we parahat bolsun!

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar