BILIM

In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi

Ygtyýarnama № 1-29-26-218

Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi 2020/2021-nji okuw ýy­ly üçin aşak­da­ky hü­när­ler boýunça okuwa kabul edýändigini yglan edýär.

  1. Dizaýn (interýer bezegi, landşaft dizaýn, floristika) — 10 aý;
  2. Buhgalter-kassir —10 aý;
  3. Kompýuter sowatlylygy — 2,5 aý;
  4. Iň­lis dili: — başlangyç dereje — 4 aý; — orta dereje — 4 aý;
  5. Rus dili: — başlangyç dereje — 4 aý; — orta dereje — 4 aý.

Okuwlara Türkmenistanyň orta we hünär bilimli raýatlary kabul edilýär. Kompýuter sowatlylygy we iň­lis, rus dili boýunça okuwlara mekdep ýaşyndakylar hem kabul edilýär.

Okuwlar Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döwrebap, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen okuw otaglarynda, tejribeli mugallymlar tarapyndan geçirilýär.

Okuwlar tölegli. 10 aýlyk möhletli okuwlara welaýatlardan kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada müdiriň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 ölçegdäki alty sany surat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, kabul ediş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

— pasportyny ýa-da dogluş hakynda şahadatnamasyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Resmi iş kagyzlary ylmy-önümçilik merkezinde 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Okuwy tamamlanlara şahadatnama berilýär.

Sal­gy­myz: Aş­ga­bat şä­he­ri, Büz­me­ýin et­ra­by­nyň Se­na­gat kö­çe­si­niň 1-nji ja­ýy.

Te­le­fon bel­gi­le­ri: 33-52-70; 39-26-05. Faks: 33-53-62, öý­jük­li te­le­fon: +993 65 03 71.

E-mail: tit.we.uki@gmail.com

2020 :Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uniwersitetleri “UI Green Metric 2025” reýtinginde

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň durnukly 10 uniwersiteti yglan edildi: “UC Davis” 7-nji orunda

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov