MEDENIÝET

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň oktýabr aýynda maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Däp boýunça 6-njy oktýabrda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni mynasybetli gül goýmak çäresi bolar.

Halkara derejede geçiriljek çäreleriň hatarynda:

  • Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergini we ylmy maslahaty,
  • «Dizaýn — 2022» Aşgabat forumyny we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergini,
  • «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly;
  • «Türkmen keşdeçilik sungaty — umumadamzat mirasy» atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi