TEHNOLOGIÝA

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Oksford uniwersitetiniň alymlary 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdiler. Bu söz 37 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda ses bermek arkaly saýlanyp alyndy.

Dil bilermenleri tamamlanyp barýan ýyly alamatlandyrýan 6 sözi saýlap aldylar. Şolaryň hataryndan ýylyň sözi hökmünde “brain rot” ýagny, beýniniň dargamagy sözi saýlanyp alyndy.

Bu adalganyň saýlanyp alynmagy adamyň intellektual ýagdaýy pese gaçmagy bilen alamatlandyrylýar. 2023-2024-nji ýyl aralygynda bu adalganyň ulanmagyň ýygylygy 230 göterim artdy. Bu adalga pes hilli onlaýn mazmunyň sarp edilmegi baradaky aladalary beýan etmek üçin ulanylyp başlandy.

Şeýle hem bu söz ilkinjileriň hatarynda 1854-nji ýylda çap edilen Genri Dewid Toronyň “Uolden” kitabynda ýatlanylýar. Bu kitapda awtor tebigatda sada durmuşda ýaşamak tejribesini paýlaşýar.

Sanly tehnologiýalaryň döwründe Oksford uniwersiteti bu sözüň täze many-mazmuna eýe bolandygyny belleýär.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar