BILIM

Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti:“Açyk Gapylar 2023”

Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiň   “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Türkmenistan  gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-2024-nji okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň okuwçylary, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin şu ýylyň 19-njy maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky özgertmeleriniň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary okuw mekdebinde öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy işler, döwrebap tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalar, «Oguz han» innowasion toplumy, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-16-12, 39-16-40.

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi:“Açyk Gapylar 2023”

Ýene-de okaň

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar

Türkmenistan Hytaýyň Dýanszy uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri