JEMGYÝETMEDENIÝET

Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli “Ýürek mähri siňen sungat” atly maslahat geçirildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar hem-de zergärler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşuryldy.

1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte “gyýak”, “okgözi”, “içýan agyz”, “tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda “1971 ýyl” diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr.

Mundan başga-da, Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşuryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr. Şeýle nepis el işleriniň bu ajaýyp zenan tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär.

Ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işlerini muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmegi halkymyzyň durmuşynyň onuň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, Watanymyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemleýändigini subut edýär.

 

Awaza myhmanlary garÅŸylar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri