Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatyň çäklerinde sergi gurnaldy. Sergide gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň inçe we nepis edip bejeren kürteleri, türkmeniň bahar paslyny ýatladýan gül-gülälekli gülleriň reňklerini özünde jemleýän ýaşyl, sary, ak çyrpylary hem-de elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler görkezilýär.
Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyzyň şeýle-de ýaş suratkeşleriň nakgaş eserlerinde bolsa ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar. Maslahaty Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Paýhas synagy» bölüminiň müdiri Aknabat Klyçewa alyp bardy.

Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy Gyzylgül Ballyýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Meňli Diwanowa, Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Ogultäç Babaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti, Türkmenistanyň Halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Maýagül Annaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti Gülnabat Abdullaýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, mugallym, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Aýgül Gurbanowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklar, rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň müdiri Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren gyzyl kürtesi ýaş nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny nygtadylar.
