SIZDEN GELENLER

Obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek esasy işleriň biridir

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ýokary derejede ornaşdyrylýan döwründe ähli ulgamlardaky alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar.

Alnyp barylýan her bir önümçilik işleriniň ykdysady netijeliliginiň ýokary bolmaklygyny gazanmak iňňän wajyp meseleleriň biridir. Şeýle meseleler obasenagat toplumynda hem ýüze çykýar.

Obasenagat toplumy özüne oba hojalygyny, gaýtadan işleýän senagaty we olary önümçilik serişdeleri bilen üpjün edýän pudaklary özünde jemleýär. Bu pudaklar öz aralarynda jebis baglanyşyklydyrlar.

Obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek, innowasion çäreleri önümçilige ornaşdyrmaklygyň çäklerinde ilkinji nobatda onuň özeni bolup durýan oba hojalyk pudagyny ösdürmeklik zerurdyr. Çünki, oba hojalygy ösüp barýan we ösen ýurtlaryň ykdysadyýetlerinde esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Onuň işini ylmy esasda ösdürmeklik we bu pudakda öňden zähmet çekip gelýän kärendeçiler bilen gürrüňdeş bolup, olaryň köp ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribelerini öwrenip şeýle-de ony ylmy tarapdan esaslandyryp, utgaşyklylykda alyp barmaklyk özüniň oňyn netijelerini berer. Bu pudakda esasan hem ýyladyşhana ulgamlaryny ösdürmeklik, olaryň gurluşyny häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän derejede alyp barmaklyk has-da netijeli bolar. Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri bolsa bu pudaga maýa goýumlaryň çekilişiniň derejesini artdyrmaklyk we hususy gatnaşyklary ýokary depginlerde ösdürmeklik hem onuň işjeňligini artdyrar. Pudakda goýulýan maýa goýym işiniň esasy görkezijisi bolup, onuň netijeliligi we maýa goýum taslamasynyň maliýe taýdan öz-özüni dolandyrmasy bolup durýar. Bu görkezijiler özara bagly we biri-birini içgin şertlendirýär.

Obasenagat toplumynyň ýene-de bir düzüm bölekleriniň biri hem gaýtadan işleýän senagat pudaklarydyr. Çig mal önümlerini daşary ýurda eksport edeniňden, taýýar görnüşinde daşary bazarlara haryt çykarylanda ýokary girdejileriň berýändikleri üçin olaryň hem işini täzeçe guramaklyga çalyşmalydyr. Bu pudagyň esasan hem önümçilik serişdeleri we zähmet resurslary bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaklyk uly ähmiýete eýedir. Oba hojalygyndan çig mal görnüşinde gelen önümler bu gaýtadan işleýän senagatyň zähmet predmetleri bolup durýar. Zähmet serişdeleri bolsa kärhananyň guramaçylyk aýratynlyklarynda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, ösen innowsion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, öň önümçilikde ulanylýan tehnikalaryň fiziki we moral taýdan könelmesini göz öňünde tutup ylmy-tehniki progresi çalt önümçilige ornaşdyrmaklyk onuň ykdysady netijeliligini artdyrar. Kärhananyň düzüminde bar bolan zähmet serişdeleriniň ulanyş tutumlaryny wagtynda geçirmeklik, onuň könelmesiniň iki görnüşini hem hasaba almaklyk önümçiligi ösdürmeklik üçin wajyp çäredir.

Oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagatynda ilkinji nobatda onuň serişde üpjünçiliginde ylmy-tehniki ösüş bilen yzygiderli habardar bolmaklyk, innowasion enjamlary bolsa öz wagtynda önümçilige ornaşdyrmaklyk ilkinji zerur çäreleriň biridir. Sebäbi senagata çig mal bolup gelen oba hojalyk önümleri ýokary hilli bolan ýagdaýynda onda şol önümleri beýleki önüm öndürijiler bilen bir hatarda bäsdeşlige ukyply bolar ýaly haryt görnüşine getirmeklik şol enjamlaryň paýyna düşýär. Ýene-de iň bir bellemeli zatlaryň biri birnäçe faktorlaryň hatarynda bu pudaklarda ýokary taýýarlygy bolan hünärmenleriň önümçilige çekilmegi we olar bilen üpjünçilik derejesiniň ýokary bolmagynyň uly ähmiýeti bardyr.

Obasenagat toplumyny ösdürmeklige, onuň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaklyga hem döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu ugurda jemgyýetçilik önümçiliginiň alnyp barylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň esasy özeni bolup durýan oba hojalyk pudagynyň ösüşine ýokary derejede goldaw bermek we bu ýerde kärendeçiligi has-da ýokarlandyrmak esasynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaklyk ilkinji nobatda öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Hormatly Prezidentimiz özüniň her bir çykyşlarynda ýurdumyzyň eksport potensialyny ýokarlandyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän importlyk  harytlarynyň ornuny tutjak önümleri öndürmekligiň zerurdygyny belläp geçýär. Hut şonuň esasynda bolsa Hormatly Prezidentimiz hususy önüm öndürijilere olaryň öz alyp barýan önümçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmaklary üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmakda hususy önüm öndürijileriň tutýan orny uly bolup durýar. Hususy önümçilikleri obasenagat toplumynda mundan hem beýläk has-da ýaýbaňlandyrmak ýurduň töleg balansynyň aktiw bolmagyna öz saldamly goşandyny goşar.

Obasenagat toplumynda importlyk harytlaryň ýerini tutjak önümleri öndürmekde ilkinji nobatda bu toplumyň düzüm bölekleriniň her biriniň netijeli işlemegi zerurdyr. Olaryň içinden iňňän möhümleriniň biri bolan oba hojalyk pudagynyň işini döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak iňňän möhüm çäreleriň biri bolup durýar.

Pudagyň işinde marketingi has-da ösdürmeklik, onuň dünýä derejesinde alnyp barlyşyny öwrenmeklik, bazar bäsleşigini ýokary derejede ösdürmeklik, bazarda hyrydarlyk bilen hödürlemäniň deň derejede bolmaklygy ykdysady ösüşi çaltlandyrar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçmekligiň barşynda obasenagat toplumynyň ösüşini hem deň derejede beýleki pudaklar bilen üpjün etmeklikde bazar bäsleşiginiň hem uly ähmiýeti bardyr.

Röwşen Muhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

14-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk