HEKAÝALAR

Obamyň ysy (hekaýa)

Akmaýanyň ýoly  beýle bir  görnükli ýyldyz bolmasa-da, men ony gowy görýän. Sebäp,  Göwher gelnejem hernä, gaýradan ilerligine Akmaýa  süýnüp ugrandan tabagyna un salmak bilen bolýar. Onuň beýtmegi, ýyldyz görüp bişirilen çörek özli bolýar. Özli bolýanynyň sebäbini Göwher gelnejem, tüýnükden Akmaýanyň süýdüniň hamyr jama damýanlygy bilen düşündirýär. Şonuň üçin men, asmanda ýyldyzlar görnüp ugrandan, Akmaýanyň süýdüniň hamyr jama damşyny görmäge Göwher gelnejemlere barýan.

Göwher gelnejemiň hamyr ýugruşyny görmegiň özem, özli çörek iýendenem süýji. Ol eli bilen-ä hamyr ýugurýar, aýagy bilenem, aglak bäbegini ýatyrmak üçin, sallançak bagyny yralaýar. Ýöne meni has heýjana salýan zat, hamyr ýugrulyp durka jamyň erňeginden görünýän ap-ak  süýtler. Onsoň  Göwher gelnejemiň  güýçli ýumruklary uny garyp başlandan hamyr ýylmanmak bilen bolýar. Hamyr ýylmandygyça  süýt barha köp çykýär. Onsoň meniň oglan göwnüme asmanda Akmaýa gerinjiräp duran ýaly,   göni Göwher gelnejemiň ýugurýan hamyryna süýdüni damdyryp duran ýaly bolýar.

Göwher gelnejem tä süýt çekilýänçä hamyry ýugurýar. Soň ýugrumy ýeten hamyr, eýi ýeten palçyk ýaly şykga dönýär. Soňam tamdyra ot goýberilýär. Ine, şol pursat, men ebedilik beýnimde galan ysy – obamyň ysyny alýaryn. Ilki oduň ysy – guran ýowşanyň ysy obama dolýar. Soňam tamdyr çöreginiň ysy. Men häzir ony deňemäge zat tapamok. Bir aýdyp biljek zadym,  perzendi üçin hemişe süýdüň ysy gelip duran enäniň goltugynyň ysy ýaly onuň ezizdigi. Men şol mährem ysy almak üçin, her gün arkam bilen  guran ýowşany – tamdyrtowlugy getirýärin.

Soň Göwher gelnejem, barmaklarynyň yzy çykan çörekleri tamdyrdan çykarardy. Olaryň sany beýle bir känem däldir, ýöne syrgynymyza ýeter. Hatda, gysgançlyk edilmän, çöregiň bir bölegi Baltaga-da beriler. Baltagam, beýleki itleriň edişi ýaly, öňüne oklanan çöregi gömüp gelip, ýene hantama bolman, hoşallyk  üçin ömür sülekeýi akyp duran garry tumşugyny Göwher gelnejemiň dyzyna goýar. Onsoň hemmeler çöregi huruş bilen iýen ýaly bolar.

Soň ýene asmanda ýaldyrap Akmaýa görner, ýene Göwher gelnejem tabagyna un salar…

* * *

Obamyň goltugyndan sogrulyp gaýdanyma, gör, näçe ýyl geçdikä?! Bilemok, ýöne ep-esli wagtyň geçendigini bilýän. Ynha, bu gün müýnli ýaly, şo-ol bir wagtky oglan aýak yzlarymy görmäge barýaryn. Şol tanyş ýol. Ol gumaksam bolsa eziz. Sebäp ol obama barýar. Gaýrak sowulýan ýol bilen biz oduna giderdik. Olam düýeleriň ýoly. O-da, köşek  sürýän takyrymyz.

Kimdigini tanamadym, bäş-on sany dowary öňüne salyp hon-ha biri guýa ýetip barýar. Ukusyna garygan çaga, arasyny üzüp, ýaltalyk bilen aglaýar. Çala allalasaň uklajak. Golaýjykda göze görünmeýän sähra guşy saýraýar. Gapdaljygyndan ýaňyja çykan ýigrimi teňňelik ýaly, owadan gyz geçip gitdi.

Obamyz öz işini bilýän suratçynyň, birneme könelişen suratyna çalym edýär. Rehimsiz wagt, Göwher gelnejemdenem öz hasabyny alypdyr. Onuň bir wagtky, hemmeleriň eý görýän owadan gözleri süzülipdir. Ýöne onda-da ol, öz derdini unutmandyr. Köne adamlar şeýle-dä. Asmandan ýyldyzlar görnüp ugrandan, tabagyna un salmak bilen boldy. Ýöne indi ol hamyry, goşa ýumrugy bilen däl-de, çep eli bilen hamyr jamynyň gyrasyndan tutup, ýeke ýumrukda, sag eli bilen ýugurýar… Ýa ol gartaşyp ýörmükä…

                                                                                  Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Ýowuz gözellik (hekaýa)

Erkek adamyň ysy (hekaýa)

Gurbanlykda (hekaýa)

Kitjin (hekaýa)

Gökdepe  Nowella (hekaýa)

Ýeňiş (hekaýa)