MEDENIÝET

Obamanyň gyzy režissýor boldy

ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň gyzy Malia Obama abraýly “Sundance” film festiwalynda ilkinji filmini tanyşdyrdy.

25 ýaşly Malia Obama ilkinji gysga metražly filmini surata düşürip, kinofestiwala hödürledi. Malia Obama  “Ýürek” atly gysga metražly filmiň hem režissýory hem-de ssenariýaçysydyr.

Ol bu film barada beren beýanatynda: “Film ýitirilen zatlar, ýalňyz adamlar, bagyşlamak we ökünmek hakyndadyr” diýip belledi.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň gyzy 2022-nji ýylda Garward uniwersitetini tamamlady.

Beýleki tarapdan, Obama jübütiniň “High Ground Productions” atly film kompaniýasy bar. Olar “Netflix” ulgamynda “Leave the World Behind” filminiň prodýuserlerinden biridir.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri