SIZDEN GELENLER

Oba hojalyk önümçiligi innowasion ösüş ýolunda

Türkmenistanyň oba hojalygy ýokary depginler bilen ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Oba zähmetkeşleri içerki bazary halkymyzyň sarp edýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Agrosenagat pudagy şeýle önümleri çykarmakda, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde esasy öndüriji güýç bolup durýar. Ýurdumyzyň agrosenagat ugurly önümçilik kärhanalarynyň sanynyň köpelmegi ilat üçin zerur bolan iş orunlarynyň artmagyna hem itergi berýär.

Milli ykdysadyýetimizi innowasion ýol bilen ösdürmek şu günüň we geljegiň zerur talabydyr. Sebäbi, dünýäniň diňe tehnologiki taýdan ösen ýurtlarynyň harytlary halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oba hojalygyny bazar şertlerine laýyklykda ösdürmek babatyndaky agrar syýasatynyň özeninde, bu pudagyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini halkyň abadan we bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanmak we ösen ýurtlar bilen bäsleşip biljek agrar önümçiligi döretmekden ybarat bolup durýar.

Öňde goýlan bu maksada ýetmekde oba hojalyk önümçiligini innowasion ösüş ýoluna geçirmegiň hökmany zerurlykdygyny milletiň Lideri hemişe nygtaýar.

Şol bir wagtyň özünde oba hojalygymyzyň häzirki ýagdaýyna we netijesine baha bermek bilen ýurdumyzyň agrosenagat önümçiliginiň häzirki wagtda toplumlaýyn innowasion ösüşiň diňe başlangyç tapgyrynda ýerleşýändigini hormatly Prezidentimiz ýerlikli belleýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny innowasion ösüş ýoly bilen ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy.

Kabul edilen milli Maksatnamalara laýyklykda ýurtda häzirki zaman oba hojalyk ilatly nokatlary ýa-da täze görnüşli agrar şäherçeler döredilýär. Bu şäherçeler zerur bolan ähli durmuş-inženerçilik, ýaşaýyş jaý, kommunikasiýa, söwda, hyzmat ediş, medeni, bilim, saglygy goraýyş we ş.m. infrastrukturalara eýedir. Bu infrastruktura tassyklanan durmuş kadalaryna laýyk gelip, olary ösen ýurtlaryň görkezijileri bilen deňeşdirmek bolar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk önümçiligini ähli taraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuň oýlanyşykly strategiýasy bu ulgamyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. Soňky ýyllaryň dowamynda bäsdeşligiň ýokarlandyrylmagyna, oba hojalygynyň we obasenagat toplumynyň beýleki ulgamlarynyň tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk edaralarynyň arasynda bäsdeşlik ýagdaýyny döretmek, ýer-suw serişdelerini tygşytly we başarnykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, agrar ylmyny, tohumçylygy ösdürmek, innowasiýany, menejmentiň we bazary öwrenişiň täze öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, durmuş meselelerini çözmek oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli möhüm işlerdir.

Häzirki wagtda iri we orta ululykdaky oba hojalyk harytlaryny öndüriji kärhanalarynyň birnäçesi telekeçiligiň mehanizmlerini doly özleşdirip, kämil özgertmeleriň netijesi bolan şeýle hojalyklar häzirki wagtda durnukly işläp başladylar. Olar önümçiligiň we haryt ýerleşdirmegiň ýokary möçberlerini üpjün edip, iş ýüzünde öz-özüňi ödemek hem-de öz-özüňi maliýeleşdirmek ýörelgelerine laýyklykda hereket edýärler.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda innowasion önümçiligiň depginli ýola goýulmagynyň ösdürilmeginiň esasy strategiki şertleri we ugurlary gaýragoýulmasyz, özara baglanyşykly makro we mikro ykdysady çözgütleri talap edýär. Şonuň ýaly esasy çäreleriň hatarynda ylmy barlaglaryň we işläp düzmeleriň maksatlaýyn düýpli we amaly maksatnamalarynyň toplumlaryny ýerine ýetirýän oba hojalyk ylmynyň bolmagy zerurdyr.

Alymlaryň ylmy barlaglarynyň tematikasy tejribäniň ileri tutulýan meselelerine doly laýyk gelmelidir. Bu talaplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen alymlarynyň öňünde goýan maksatnamalaýyn wezipelerinden gelip çykýar.

Bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin alymlar esasan kärhanalaryň, pudaklaryň we agrosenagat ulgamlarynyň geljegine gönükdirilen ösüşleri üçin ylmy binýady döretmek babatynda işler alyp barýarlar.

Türkmen alymlarynyň işlemeginde pagtanyň, dänäniň, miweli baglaryň, bakja ekinleriniň, ýer almanyň ýokary hasyl berýän sortlarynyň, mallaryň ýokary öndürijilikli tohumlarynyň döredilendigine ylym şaýatdyr. Şeýle hem öndürijilikli we netijeli işlemäge mümkinçilik berýän ykdysady işläp düzmeleriň hem bardygyny kanagatlanmak bilen bellemek bolar. Bu örän möhümdir, sebäbi ylmyň öňdebaryjy netijeleri ýuwaş-ýuwaşdan, ýokary tehnologiýalaryň özleşdirilmegi netijesinde önümçilige öwrülýär. Eýýäm birnäçe ýyl mundan ozal diňe ylma degişli bolan zatlaryň, häzirki wagtda umumy iş netijeleridigi hiç kim üçin gizlin däldir.

Her bir başy başlanan döwletli işiň ylmy esasyny we kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegini ileri tutulýan meseleleriň hatarynda goýýan hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümçiligini innowasion ösüş ýoluna düşürmek üçin telekeçileriň gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge, eksport etmek üçin ýokary hilli azyk harytlaryny öndürmäge çekilmeginiň kanunçylyk taýdan üpjün edilmelidigini nygtap belleýär. Sebäbi, ylym hemişe ep-esli öňe düşmek bilen, geljege tarap hereket edýändir. Şu ýerde türkmen alymlarynyň geljekde önümçilik tarapyndan talap ediljek sortlaryň, tohumlaryň, tehnologiýalaryň, önümleriň görnüşleriniň, ykdysady mehanizmleriň üstünde işleýändiklerini nygtamak zerurdyr.

Oba hojalyk önümçiliginiň innowasion ösüşini ýakyn geljekde netijeli amala aşyrmak üçin sebitleriň we pudaklaryň özboluşly aýratynlyklary, daýhanlaryň, çäkleriň we tutuş döwletiň bähbitleri jikme-jik nazarda tutulýar. Berkarar döwletimiziň yrsgal-berekedini artdyrmak wezipelerini durmuşa geçirmekde netijeli ykdysady usullaryň ulanylmagy ýene-de bir aýrylmaz şert bolup durýar. Ýurdumyzyň ýagty geljegi bolup durýan obasenagat pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmekde ilkinji orun, ýokary bilimli oba hojalykçy hünärmenlere, döwür bilen deň gadam urýan alymlara, ýeriň tabyny kemsiz bilýän alym agronomlara, daýhançylyk kesbine wepaly edermen oba zähmetkeşlerine baglydyr.

Şeýle parahatlyk, agzybirlik bilen başy başlanan işleriň rowaçlanmagy bolsa, ahyrky netijede, ýurdumyzyň eýýäm ýakyn ýyllarda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine bolan garaşsyzlygyny üpjün etmäge öz goşandyny goşar.

Goý, asuda we parahat ýurdumyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli  beýik işleri mundan hem beýläk rowaç alsyn!

 

Maral NAZAROWA

                                   S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty