BIZNES

Oba hojalyk önüm öndürijilere 99 ýyl möhlet bilen ýer bölünip berilýär

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Häkimler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galan gowaça hasylyny ýygnamak, güýzlük ak ekinlere ideg etmek boýunça ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler, ýerleri we tehnikany nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer pudakdaky işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri ýaz ekişine hemmetaraplaýyn esasda taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň esasynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyna laýyklykda, welaýatlarda döredilen ýörite ýer gaznalary hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde uzak möhletleýin peýdalanylmaga berildi.

Şeýle hem wise-premýer oba hojalyk önümçiligine hususyýetçiligi giňden çekmek maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 264 müň 678 gektar meýdanda ýokarda agzalan ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde degişli işleriň geçirilendigini habar berdi.

Ýörite ýer gaznasyndan berilmegi göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek arkaly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin önüm öndürijilere ýer böleklerini 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda göz öňünde tutulan çäreler pudaga hususy ulgamy işjeň çekmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi hem-de önüm öndürijilere ýer bölekleriniň 99 ýyllyk möhlet bilen berilmegi ähmiýetli çözgütdigini belledi.

Gol çekilen Resminama laýyklykda,

  • Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslary hem-de raýatlary (mundan beýläk – önüm öndürijiler) üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy.
  • Ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa, ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek bellenildi.
  • Ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijiler ýerleriniň özleşdirilmäge degişli böleginiň mellioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin 3 ýylyň dowamynda degişli işleri geçirip, soňra ekin dolanyşygyna girizmelidirler.
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde ýörite ýer gaznasyndan önüm öndürijilere ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça namalary kanunçylykda bellenen tertipde resmileşdirmelidir we ýörite ýer gaznasynyň ýerlerinden rejeli we niýetlenişine laýyklykda gözegçilik etmelidir.
  • Ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan önüm öndürijiler döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenen meýilnamadan artyk öndürilen önümlerini isleglerine görä öz ygtyýarynda galdyryp ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyryp bilerler

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri