SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda gyzgalaňly döwür başlandy

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 30-njy martda ekişe başlarlar.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Şu ýyl ýurdumyzda gowaça ekmek üçin 580 müň gektar meýdan taýýarlanylyp, 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Şol sanda Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine hususy önüm öndürijiler hem gatnaşar, olara oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer bölünip berildi.

Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumy saýlanyp alyndy. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “149-F” ýaly gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň we ekiji gurallarynyň 1708-si, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň 5517-si peýdalanylar.

Dünýä belli “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgamy bilen enjamlaşdyrylan traktorlar şu möwsümde ekin meýdanlaryna çykarylar.

Merjen Allaberenowa, TOHU-nyñ talyby.

 

Mekdebe çenli terbiýe

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika