MEDENIÝET

Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli festiwal geçiriler

Türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwal geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Ussat medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň sarpasy belent derejelere çykarylýar. Meşhur türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 27-28-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerine festiwalyň guralmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti kompozitor Nury Halmämmedowyň eserleriniň ýokary ussatlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasynyň sanawyna we dünýäniň saz sungatynyň hazynasyna hemişelik girendigini belledi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy