SPORT

Nuri Sahin “Borussiýa Dortmund” toparyna tälim berer

Türk hünärmeni Nuri Sahin Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” futbol klubynyň baş tälimçisi boldy.

Bu barada toparyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder.

German toparynyň ozalky baş tälimçi Edin Terziçiň wezipesinden meýletin gitmek baradaky arzasy klubyň ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilendigini habar berildi.

Ediz Terziç bu topary Çempionlar ligasynda finala çykardy. Ýöne finalda “Real Madrid” toparyny ýepmek başartmady.

Toparyň täze tälimçisi türk hünärmeni Nuri Sahin ozal bu toparda futbol oýnapdy. Şonuň üçin oňa german çempionaty nätanyş däl.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler