SIZDEN GELENLER

Nowruz geldi ilime. . .

Guşlaryň saýramagy, tebigatyň täzelenişi we gök dona pürenmegi, bu elbetde bahar paslynyň sazlaşykly hereketlerini aňladýar. Gyşyň sowuk howasy bilen hoşlaşyp, gözel tebigatymyz indi janlanyşyň, gözelligiň paslyny garşy alýar. Bu pasylda bolsa gözbaşyny müňýyllyklaryň özeninden alyp gaýdýan, köpasyrlyk taryha eýe bolan Nowruz baýramçylygy bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk merdana halkymyzyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelmeginde, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň, medeniýetimiziň dünýä ýüzüne açyp görkezýän aýratyn bir seneleriniň biridir.

Adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan Halkara Nowruz güni Arkadagly ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biriniň ýüzünde gülki alamatlary bilen, ýüreklerinde bolsa bahara bolan mähirli söýgüsi bilen kalplarynda heýjenelek-heýjanelek diýip seslenýär. Özüniň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen ýüreklerde aýratyn orun alan bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň kalbynda baky söýgüsine eýedir.

Dünýä halklary bilen bir hatarda türkmen halky hem baharyň buşlukçysy – Nowruzyň däp-dessurlaryna durmuş tejribesini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dostluk, hoşmeýilli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly külli adamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini siňdiripdir. Şonuň üçin hem bu gün ynsan kalbynyň tämizligini, egsilmez döredijilik joşgunyny aňladýan bu baýram bizi we agzybir, zähmetkeş halkymyzy döredijilikli täze zähmetlere, beýik işlere ruhlandyrýar.

Türkmen halky gadymyýetden, tä şu güne çenli bu baýramy mukaddes baýram hökmünde, tebigatyň täzeden janlanýan, ýaşaýşa söýgüni dabaralandyrýan baýram hökmünde belläp gelipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem giňden bellenilýän bu baýramçylyk merdana halkymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki durmuş-ykdysady ugurlarynda hem öňe gidişliklere, nurana geljege sary itekleýji güýç hökmünde giňden dabaralanýar.

Dünýä halklaryny birek-birek bilen baglanyşdyrýan bu baýramçylygyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dostlugyň, goňşuçylygyň, parahatçylygyň nyşany hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem bu senäniň dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn ähmiýete eýedigini görkezýär. Galyberse-de, Nowruz baýramçylygy diňe bir doganlyk goňşy ýurtlarymyzda däl, eýsem güneşli diýarymyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi halkymyzyň belent joşgunyny, kalplarynda ajaýyp söýgüni alamatlandyrýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda «Nowruz ýaýlasynyň» döredilmegi, ýurdumyzyň beýleki welaýat merkezlerinde bolsa «Türkmeniň Ak öýleriniň» gurulmagy sözümiziň subudy hökmünde görkezmek bolar.

Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan Halkara Nowruz güni we Milli Bahar baýramyny giňden belleýän türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan jogapkärli işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris! 

Batyr ILAMANOW,

Türkmenistanyň Içeri işler

ministrliginiň hukuk fakultetiniň

2-nji ýyl talyby.

 

Bütindünýä meteorologiýa güni

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika