BILIMMEDENIÝET

Nobel hepdeligi: edebiýat baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Lukmançylyk, fizika, we himiýa ugrundan soňra edebiýat ugry boýunça hem Nobel baýragynyň ýeňijisi belli boldy.

2021-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyna asly afrikaly iňlis ýazyjysy Abdulrazak Gurna mynasyp boldy.

73 ýaşyndaky tanzaniýaly Abdulrazak Gurna 1948-nji ýylda günbatar Afrikada dünýä indi.  Ol 1968-nji ýylda Angliýa geldi we ýokary bilimi Kent uniwersitetinde aldy. Häzirki wagtda hem Kent uniwersitetinde iňlis dili edebiýaty boýunça iş alyp barýan professor Abdulrazak Gurna 1987-nji ýylda ilkinji romanyny ýazypdy. Onuň ilkinji romanynda Afrikadaky ýetginejlik ýyllaryny beýan etdi.

Geçen ýyl bu baýraga amerikaly ýazyjy Luiza Glýuk mynasyp bolupdy.

EDEBIÝAT BAÝRAGYNYŇ TARYHYNDAN…

Şu wagta çenli 117 ýazyja edebiýat boýunça Nobel baýragy berildi. Köplenç iňlis dilinde eser ýazan edebiýatçylara bu baýrak gowşuryldy. Şeýle hem fransuz we german dillerinde eser ýazan 14 ýazyjy hem bu abraýly baýragyň eýesi boldy. Bulardan başga-da, ispan dilindäki eseri üçin 11, şwed dilindäki eseri üçin 7, italýan we rus dilindäki eseri üçin 6, polýak dilindäki eseri üçin 5, grek, ýapon we hytaý dilindäki eseri üçin 2 ýazyjy baýraga mynasyp boldy. Mundan başga-da, arap, bengal, wenger, portugal, türk, fin we çeh dillerinde eser ýazan ýazyjylara hem 1 gezek bu baýragyň eýesi boldy.

Baýrak alanlaryň arasynda Rabindranat Tagor (1913), Anatol Frans (1921), Bernard Şou (1925), Tomas Mann (1929), Germann Gesse (1946), Uilýam Folkner (1949), Ernest Hemingueý (1954) ýaly dünýä belli ýazyjylar bar.

Edebiýat boýunça Nobel baýragyna 13 sany zenan ýazyjy mynasyp bolandygyny hem bellemek bolar.

 

Nobel hepdeligi: himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ýene-de okaň

Türkiýäniň halkara abraýly uniwersitetleri : THE 2026 sanawy

Dr.Döwran Orazgylyjov

“Times Higher Education”: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň reýtingi-2026

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda iň gowy sekizlige saýlandy

Türkmenistan-Katar: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär