BIZNES

Nobel baýragy haçan döredildi?

Dünýä boýunça her ýyl bilimiň her bir ugrunda ýörite baýraklar gowşurylýar. Olaryň iň esasylarynyň biri hem Nobel baýragydyr. 1896-njy ýylda aradan çykan. Alfred Nobel tarapyndan döredilen baýrakdyr.Alfred Nobel 1833-nji ýylda Stokkolmda dünýä inýär.Ol garyplykda önüp ösýär.  Nobeliň maşgalasy 1837-nji ýylda Finlandiýa, 1842-nji ýylda Peterburga göçýärler. Baran ýerlerinde olaryň maddy ýagdaýy gowulaşýar.Nobel ýörite mugallymlar tarapyndan okadyldy. Ol rus, iňlis, fransuz, german dillerini suwara bilipdir.1863-nji ýylda Nobel nitrogliserin  bilen bagly işler bilen meşgul boldy.  Nitrogliseriniň ýarylmaga ukyplylygynyň ýollaryny agtardy.  Ol bu tejribesi bilen meşgullanyp, 1865-nji ýylda  täze fabrik gurdy, az wagtdan soňra ikinji fabrigiň hem eýesi boldy.1879-njy ýylda  Parižiň ýakynlarynda labarator guran Nobel bu ýerdäki işleri bilen bombanyň täze görnüşini oýlap tapýar.Alfred Nobel 1896-njy ýylda aradan çykýar. Onuň wesiýetnamasy esasynda  1968-nji ýylda Nobeliň hatyrasyna “Nobel” baýragy döredildi we ilkinji gezek baýrak 1969-njy ýylda berildi.

9-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler