JEMGYÝET

Soraglar :Nobatdaky sowgatly “Makul Paýhas” Bäsleşigi

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi “Makul Paýhas” atly krossword bäsleşiginiň nobatdakysyny yglan edýär. Krossworduň soraglaryny şu habar arkaly Aprel aýynyň 17-ne sagat 15:00-da Size ýetirýäris. (Bellik : Şu habarymyzy 17.04.2020 senesinde sagat 15:13-de täzeledik we Size şol sagatda soraglary ýetirýäris) Bu gezekki krossword bäsleşigi hem öňki şertde geçiriler, ýagny krosswordy ilkinji bolup dogry we doly çözen gatnaşyja “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan “Preo mySound (X-bass nauşnik)” sowgat berler.

Ýadyňyza düşýän bolsa, ýakynda ýene bir krossword bäsleşigini yglan edipdik we geçen gezekki krossword bäsleşigimizde Maýa Kulyýewa ýeňiji diýlip yglan edildi we oňa sowgat gowşuryldy.

Krosswordy ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallarda özüniň krosswordlary bilen yzygiderli çykyş edip gelýän ýaş talyp ýigidimiz Baýgeldi ÇARYÝEW taýynlady.

Krosswordyň jogaplary Aprel aýynyň 21-ne, sagat 15:00-a çenli kabul ediler we şol gün “atavatan-turkmenistan.com” internet saýtymyza krosswordyň jogaplary ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar krossworduň jogaplaryny elektron görnüşde “word” formatda “makulpayhas@gmail.com” salgysyna iberip bilerler. Ýokarda agzalan saýta ilkinji bolup, krossworduň doly jogabyny iberen okyjy ýeňiji diýlip yglan edilýär. Sizden elektron poçta arkaly gelen jogaplar “makulpayhas@gmail.com” salgysyndaky wagta (sagat, minut, sekunt) görä deňeşdirilip, kesgitlener.

Krossworduň jogaplaryny “word” formatynda mysal üçin, Dikligine: 1. Makul, 2. Futbol. Keseligine: 1. Bitarap, 2.Aşgabat. Gytaklaýyn: 1. Magtymguly, 2. Nokia ş.m görnüşde iberilmelidir.

DIKLIGINE: 1. Ýurdumyzda 1967-nji ýylda döredilen gazçylar şäheri. 2. Oýunçy, masgarabaz (köne söz). 4. Kömek, ýardam. 5. Dost, ýoldaş (köne söz). 6. Neýl Armstrogyň (ABŞ, 1969 ý.) ilkinji gezek Aýa uçan howa gämisi. 7. Eýran Yslam Respublikasynyň öňki ady. 8. Hekaýa mazmunly şygyr bilen ýazylan eseriň bir görnüşi. 9. Ýurdumyzda ýerleşýän gaz ýataklaryň biri. 10. Tamdyranyň gapak oturdylan bölegi, kädisi. 12. Käbir Gündogar ýurtlarda döwletiň hökümdary. 16. Nota. 19. Eýeriň öň tarapynda somalyp duran tommak tutar. 20. Dag geçelgesi 21. Gözüň göreji (köne söz). 22. Çöl içinde ýagyş-ýagmyryň suwy ýygnalyp saklanýan üsti ýapyk howuz. 23. Durna meňzeş, alkymynyň aşagy gara guş. 24. “Çaga-da … diýip aglar, uly-da” (Nakyl). 25. Ýol görkeziji (köne söz). 26. Kino sungatynda öçmejek yz galdyran meşhur Baba … 27. Tam suwalanda laýy endigan ýazmak üçin ýuka polatdan, agaçdan edilen ýokarsy tutawaçly süýnmek ýasy gural. 28. Ygally ýyllarda ýaz aýlary meýdanda bitýän kömelegiň bir görnüşi. 29. Aýal köýnekligi üçin tarada dokalýan gyralary sary zolakly mata. 30. Matematiki san. 34. Döwülmän galan baş gatyşykly däne. 35. Natriý elementiniň gysgaça belgilenilişi.

KESELIGINE: 3. Jykyr bilen suwarylýan ýeriň kölçelerden kiçiräk böleklere bölünen görnüşi. 13. Iki ýaşan erkek taý. 14. “Yşka düşdi meň ýüregim, ýene … ile zarym bar” (Magtymguly). 17. Mallary suwa ýakmak üçin agaçdan ýasalan süýri gap. 18. Iki örküçli düýe, maýa. 19. Çilik ýaly çaga oýunlary oýnalanda gazylýan çukurjyk. 22. Ýurdumyzyň günbatar çetki nokady. 23. Çuwalyň ýa-da torbanyň iki gapdalyndan ýüp geçirmek ýa-da el bilen tutup götermek üçin goýulýan halka. 29. Iki dagyň biri-birine golaýlap daralýan ýeri, deräniň iň gysby ýeri. 31. Dzýudo we karate göreşinde iň ýokary taýýarlyk derejesi. 32. ýörite ýasalan tokmajyklar arkaly kakylyp çalynýan saz guraly. 33. Laçyn, elguş (köne söz). 36. Keýik, maral (köne söz). 37. “Aljyran aýal ärine .. diýer” (Nakyl). 38. Iýmit, şöhle, suw ýetmezligi sebäpli ösmän galan.

GYTAKLAÝYN: 1. Iýul aýynda Günorta Amerikada we Awstraliýada haýsy döwür bolýar. 2. Käbir beden öýjügine zyýan ýetmegi zerarly döreýän ýara. 11. Käbir haýwanlaryň kelle süňki bilen utgaşyp çykýan uzyn, ujy ýiti sünk. 15. “Goç ýigitler … görüner, eginden-başdan aýrylsa” (Talyby). 27. Içine saman, selin we ş.m. zat dykylan haýwan hamy. 28. Aşagynda ot ýakylyp, çaý suwuny gaýnatmak üçin ulanylýan uly gap.

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi