JEMGYÝET

Nobatdaky Milli tokaý maksatnamasy taýýarlandy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy hakynda hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

2013 — 2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda bag nahallarynyň ekilýän görnüşleri we meýdanlary artdyryldy. Şeýle hem tokaý zolaklaryny giňeltmek, tebigy baýlyklary goramak we ekologiýa babatda bar bolan kanunçylyk namalary kämilleşdirildi. Bu ugurda sebit we halkara derejedäki özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Ýurdumyzyň tebigy we howa aýratynlyklaryny nazara alyp hem-de tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny mundan beýläk-de giňeltmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär hem-de Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Bu resminama saýaly, pürli, miweli bag nahallarynyň, üzümleriň hem-de çöl ösümlikleriniň ekilmegi boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýörite meýilnamanyň taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýär.

Diýarymyzyň tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklary we toprak-howa şertleri nazara alnyp, maksatnamada, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda, tokaý hojalyklarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösdürilip ýetişdiriljek bag nahallarynyň görnüşleri, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça geçiriljek ylmy-barlag işleriniň, guramaçylyk çäreleriniň ugurlary, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň meýilnamasy kesgitlenildi.

 

2022-nji ýylyň Döwlet býujetine taýýarlyk

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy